Açyk gapylar güni
“Açyk gapylar” güni
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi, 2026-2027-nji okuw ýylynda
okuwa
girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2026-njy ýylyň
22-nji aprelinde we 8-nji
maýynda sagat 14:00-da “Açyk gapylar” gününe çagyrýar.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan--bedew batly at-myradyň
mekany” ýylyna beslenip gelen “Açyk gapylar” günlerinde ýaşlara Berkarar döwletiň Täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada
alyp barýan özgertmelerine laýyklykda, Mugallymçylyk mekdebinde taýýarlyk
ugurlary, olara degişli hünärler, okuw-usuly, terbiýeçilik, medeni-köpçülik
işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, talyplaryň sport bilen
meşgullanmaklary üçin döredilen ähli
şertler barada giňişleýin maglumatlar berler.
Aman
Kekilow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Görogly köçesiniň 124-nji jaýy.
Telefon belgisi: 90-62-04,
90-63-96